Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertde türkmen kompozitorlary A.Ablyýewiň, N.Halmämmedowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Abdullaýewiň, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň, daşary ýurt kompozitorlaryndan M.Buhwostowyň, G.Mitýewiň, I.S.Bahyň eserleri, H.Muhammetgulyýewiň akkordeon saz guraly üçin täzeden işlän türkmen halk sazy “Durdy bagşy” eserleri ýerine ýetirildi.
Konsertiň başynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Tagandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde A.Ablyýewiň “Ussada” atly eseri ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň gürrüň bermegine görä, 1970-nji ýylda şahyr H.Allamyradow, S.Jepbarowyň 65 ýyllyk ýubileýine bagyşlap “Bagşydyň” atly şygryny döredipdir. Türkmenistanyň halk artisti A. Ablyýew hem şol goşga saz döredip, Sahy bagşynyň ýanyna baryp şol sazy diňledipdir. Halypa A. Ablyýewe “Men diri gezip ýörkäm, muny dutar saz guralynda A. Çaryýew saz edip çalaýsyn” diýipdir. Şonda Türkmenistanyň halk artisti A. Çaryýew bu sazyň üstünde birnäçe günläp zähmet çekip dutar saz guralynda ilkinji bolup ýerine ýetiripdir. Soňra bolsa maslahatlaşyp, bu sazyň adyna “Ussada” diýip at beripdirler. Eseri ussat dutarçy Akmyrat halypa 1970-nji ýylda S.Jepbarowyň 65ýyllyk ýubileýinde ilkinji gezek ýerine ýetiripdir. 1977-nji ýyldan soň aýdym görnüşini Türkmenistanyň halk artisti Oraznepes Döwletnazarow ilkinji bolup aýdypdyr.
Soňra daşary ýurt kompozitory N.Buhwostowyň “Аккордеонные буги” eserini A.Tagandurdyýew “Durdy bagşy” türkmen halk sazyny, N.Rimskiý-Korsakowyň “Arynyň uçuşy”, I.S.Bahyň “Prelýudiýa we fuga” a-moll eserini talyp Ş.Babaýew G.Mitýewiň “Prelýudiýa we fuga”, N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eserini, M.Hojyýew, B.Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, A.Abdullaýewiň “Bahar tansy” eserlerini, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň türkmen temalaryna “Fantaziýa” eserini M.Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde Y.Garaýew ýerine ýetirdi.
Konsertde ýerine ýetirilen ajaýyp sazlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy alyndy. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen aýdym-saz sungatyna uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güniniň şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün!
Ogulbeg ÝEGENOWA.,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen Milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby