logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – berkarar döwletimiziň binýady

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Garaşsyzlyk - berkarar döwletimiziň binýady” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy ýetip gelýän döwründe, ýurdumyzyň gazanan esasy üstünlikleri we özgerişleriniň birnäçe möhüm ugry boýunça täsirli gürrüňler edildi. Türkmenistan öz içerki we daşarky syýasatyny özi kesgitleýän azat we berkarar döwlet höküminde dünýä ýüzünde esassy orun aldy. Garaşsyzlyk–berkarar döwletimiziň binýady, halkymyzyň bagtyýar geljegine açylýan beýik ýol bolup diýarymyzy bu ýyllarda belent ösüşlere ýetdi. Söhbetdeşler şular dogrusynda hem giňişleýin gürrüňleri etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzy bagtymyza deňäp, beýik işleri rowana ýollarda öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.