Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň gözbaşy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň okalga zalynda baý many-mazmunly kitap sergisi hem gurnaldy. Bu ajaýyp sergi maslahata gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan ägirt uly işler üstünliklere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler barada durup geçdiler. Maslahatyň ahyrynda “akylly” hem-de ählitaraplaýyn döwrebap şäheri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.