logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň şöhratly ýoly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň şöhratly ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen baky bagtynyň täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşlerinde beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen milli halylarymyz, keşdeçilik sungatymyz, şaý-seplerimiz täzeçe öwüşgin bilen halkymyza ýetirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylanýandygy hakynda hem söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.