logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK BILEN BEÝGELÝÄR DIÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk bilen beýgelýär Diýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlara beslenýän Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 – ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýändigini beýan etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty, geçen taryhy döwürleriň içinde Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri dogrusynda, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berendigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden okan setirleri çäräniň many mazmunyny has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.