logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilendigi barada çykyş etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk baýramy özbaşdaklygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we erkanalygyň baýramydygy hakynda belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşlere sary alyp barýan, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.