logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýän toýdur-baýramlar, şanly seneler we taryhy wakalar mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige, uly zähmet üstünliklerine beslenýändigini, şeýle hem häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ruhlanýan mähriban halkymyz agzybirlikde, beýik maksatlara ýetmegiň röwşen ýolunda üstünlikli badalga bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.