Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk – Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde şatlyk-şowhun bilen belleýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdymyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylan özgertmeler her bir ildeşlerimiziň göwnüni ganatlandyrýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aklyş sözlerini aýtdylar.