logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy - bedew batly Türkmenistan ösüşleriň aýdyňy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy-bedew batly Türkmenistan ösüşleriň aýdyňy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy üstünlikler gazanylýandygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan halkymyz belent sepgitleri nazarlap, bedew bady bilen okgunly öňe barýan asuda, parahat Watanymyz ösüşlere, özgerişliklere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzy bedew batly menzillerden öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.