logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk buýsanjym, milli mirasym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk buýsanjym, milli mirasym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli medeni we ruhy mirasymyz täzeden dikeldilip, döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi hakynda söhbet etdiler. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz, türkmen halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülendigi barada buýsançly beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gadymy milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.