logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz” atly söhbetdeşlik geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Şu ýyl Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk – milli buýsanjymyz, bagtymyz ata- babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk–bagtymyz” atly kitabynda hem Garaşsyzlygyň halkymyzyň ykbalyndaky orny, milli agzybirligimiziň we jebisligimiziň ähmiýeti çuňňur many–mazmun bilen açylyp görkezilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy – halkymyzyň agzybirliginiň, milli jebisliginiň, parahatçylygynyň hem-de ata Watana bolan beýik söýgüsiniň dabaralanmasydyr”.Ine şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar buýsanç bilen gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il- ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.