logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy seýilgähinde «Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany» bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen halkyny dünýä tanadan, onuň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň arzuwlan ýoly bolup, bagtyýar halkymyz şanly toýuň 35 ýyllyk baýramyna batly gadam bilen, öz zähmet üstünlikleri bilen barýandyklary hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.