Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk Galkynyşyň binasy - bedew atlar dillerimiziň senasy» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi, ýurdumyzda şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirliginiň jebisliginiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň nyşany bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de umumyadamzat medeniýetiniň gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerimiz gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, beýik ýeňişleri bilen türkmen tuguny belentde parladandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.