Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy” seýilgähinde göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak arzuwlar, belent maksatlar bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, toýunyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýlarynyň uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýändigi, ýurdumyz Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolanyndan soň mähriban Diýarymyzda dabaraly toý tutulyp, baýram edilip bellenilýän şanly seneler halkymyzyň her biriniň ýürek buýsanjyna, milli mertebesine, guwanjyna çäksiz söýgüsine öwrülendigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren, pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.