logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK GUDRATYNDAN GÜÝÇ ALYP, ÝURT ERKANA BEDEW ATLAR AGYNANDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk gudratyndan güýç alyp, ýurt erkana bedew atlar agynanda» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüş ýolunyň her tapgyry üstünliklere, şanly wakalara beslenip, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy ýurdumyzyň agzybirligini, ruhy bitewiligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrülendigi barada aýtdylar. Mundan başga-da asyrlaryň jümmişine uzaýan taryhy we medeni köklerimiz esasynda ahalteke bedewi türkmen tebigatynda we zähmetsöýer halkymyzyň aýratyn zehininden gözbaş alýandygyny, Ahalteke bedewlerini seýislemek we tebigat bilen sazlaşykly kemala getirmekde pederlerimizden asylly ýörelgeler dowam edip gelýändigi barada bellediler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.