Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere beslenýändigi, gazanylýan üstünlikleriň sakasynda Hormatly Prezidentimiz “Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp sözleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Mundan başga-da asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlygynyň, ýeňişleriniň ýarany bolan, ýyndamlykda, gözellikde taýy bolmadyk bedewlerimiz halkymyzyň guwanjyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.