logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ AK BAGTY

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi türkmenistan halkynyň ata-watana bolan buýsanjyny, guwanjyny we söýgüsini artdyrdy. Bu şygar astynda Bedew bady bilen öňe barýan mähriban diýarymyzda belent maksatlara ýetilýär.

Şeýle belent maksatlary öňde goýýan ildeşlerimiziň döredijiligini halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi gurnaldy. Muzeý işgärleri tarapyndan, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde gurnalan “Garaşsyzlyk – halkymyzyň ak bagty” atly baýramçylyk sergisi geçirildi. Sergide ýerleşdirilen amaly-haşam sungatynyň eserleri has-da özüne çekiji bolup, Ruslan Abdullaýewiň “Wagt” atly nakgaş eseri, Çemen Käbeýewanyň “Zerim–zynatym” atly şaý-sepleri, Baýgeldi Annamedowyň “Behişdi bedew” ady bilen at heýkelleri hem-de Gaýrat Matkarimowyň ýüpekden taýýarlanan kagyzdaky miniatýura eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda erkin suratkeş Gaýrat Matkarimow bilen guralan döredijilik söhbetdeşligi serginiň täsirini has-da artdyrdy.

Birnäçe günläp dowam edýän bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.