logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy we Baş bilim müdirliginiň 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toý-baýramlara beslenýän Watanymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy uly dabaralar bilen bellenilýändigi, bu baýrama türkmen halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen barýandyklary hakynda beýan etdiler. Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty, geçen taryhy döwürleriň içinde eziz Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň çykyşlaryna orun berildi. Olar Watanymyzy, beýik ösüşlerimizi, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.