logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – köňülleriň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk –köňülleriň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk – bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlygyny we bitewiligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň geljeginiň hatyrasyna beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýan mähriban halkymyz, bu mukaddes baýramy şatlyk-şowhun, uly dabara bilen giňden belleýändikleri barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.