logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Çykyşlarda ýurdumyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedew batly öňe barýan, ynamly, hyjuwly, ähliumumy abadançylyga goşant goşýan özboluşly ýoly bilen döwlet hökmünde tanalar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, özgertmeler, Watanymyzda höküm sürýän parahatçylyk, abadançylyk dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde ýaşamana döredilip berilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.