logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – rowaç ýoly türkmeniň

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Sungat” bölüminiň gurnamagynda “Garaşsyzlyk – rowaç ýoly türkmeniň” atly Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Geçirilen döredijilik duşuşygyna türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda öz saldamly goşandyny goşýan medeniýet we sungat işgärleri, mugallymlar we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyna gatnaşan myhmanlar öz çykyşlary bilen her bir kitaphanaçylarda, dabara gatnaşyjylarda gyzykly täsirlerini galdyrdylar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda uludan toýlanýan Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpalary üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.