logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK-WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatsöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty» atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň «Güýz aýdymy», Türkmenistanyň at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Meniň Watanym», Gennadiý Babikowyň «Aşgabat güýzi», Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy» ýaly ajaýyp eserler sergimizde öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy aýdyň geljege, belent sepgitlere alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.