logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty

Häzirki wagtda parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Täze taryhy döwürde döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz Watanymyzda ýokary guramaçylykda geçirilýän çärelere işjeň häsiýet mahsus. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar.

Golaýda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ,,Garaşsyzlyk-baky bagtymyz” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesini milli gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edýän bu sergi, il sylagly ýaşulularda, medeniýet we bilim işgärlerinde, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinde, muzeý hünärmenlerinde, myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Gülälek Batyrowa,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.