logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK WE TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINIŇ DÖWLET KADALAŞDYRYLYŞYNYŇ TEJRIBESI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Garaşsyzlyk we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Döwlet kadalaşdyrylyşynyň tejribesi» atly kitap sergisi gurnaldy.

Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we ykdysady ösüşler barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan durnukly ösüş üçin ähli mümkinçilikleri we ýeterli serişdeleri bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyz durmuş-ykdysady we ekologik taýdan durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply , wajyp geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy bolan, mineral-çig maliýe ýer-suw serişdeleri bilen ýeterli derejede üpjün edilen, ulag-kommunikasiýa, şeýle hem umumy maksatly önümçilik-infrastruktura ulgamlarynyň, köpugurly senagat toplumlarynyň we sebitleriň öndüriji güýçleriniň amatly ýerleşen ýurdy hökmünde tanalýar. Sergä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.