logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GARAŞSYZLYK–ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–ähli üstünliklerimiziň özeni» ady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan türkmen halky üçin eziz Watanymyz Garaşsyzlyk, parahatçylyk söýüjilik gymmatlyklar, mukaddeslikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gymmatlyklaryň dünýä ýaýylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.