logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–BAGTYÝARLYK MUKAMY, BEDEW BATLY, AT-MYRATLY MEKANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–bagtyýarlyk mukamy, bedew batly, at-myratly mekanym» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bu günki gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewleri halkymyzyň şan–şöhratynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, öwrülendigi barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.