logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–BUÝSANJYMYZ BAGTYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk–buýsanjymyz bagtymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk–bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlygyny we bitewiligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdigini, ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhyny şöhlelendirýän, eziz diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän ajaýyp baýramçylyklaryň biridigini beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işler durmuşa geçirilýändigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýan mähriban halkymyz bu mukaddes baýramy şatlyk-şowhun, dabara bilen belleýändikleri hakynda gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.