logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYKDA BAGTYŇ ÝAŇY BAR

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, “Türkmenistan–eziz Watan Garaşsyz ” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi.

Sergide, ýurdumyzyň suratkeşleriniň Ataýew Ş. “Gökje üzümçiligi” 2025 ý., Babakulowa G. “El işler” toplumy Hanow G. “Asuda” 2023 ý. Ataýew Ş. “Aý daglary” 2024 ý., Sytdykow B. “Çeşme” 2025 ý., Kurbanow R. “Sähranyň bezegi türkmen bedewi” 2025 ý., Kurbanow S. “Garaşsyzlygyň ýaňy” 2025 ý., Kurbanow S. “Aşgabat agşamlary” 2025 ý., Meredow S. “Ylham çeşme” 2025 ý., Gullaýewa M. “Hazyna” 2025 ý., Meredowa A. “Nohuryň geçmişine şaýat agaçlar” 2002 ý., Weliahmedow K. “Bahar güni” 2024 ý., Hajyýew T. “Güýz” 2005 ý. ýaly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy.

Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde watana bolan mukaddes söýgi içgin duýulýar. Ýurt garaşsyzlygymyz sungata täze ganat berdi. Sungatyň milli dilde saýramagyna, milli äheňleriň, milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şekillendiriş sungatynda has aýdyň ýagty çeper beýan edilmegine giň ýollar açdy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň döredijiliginde milli gymmatlyklarymyz, merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni-taryhy mirasy bolan kitaplaryna salgylanyp ýerine ýetirlen işler öz çeper mazmuny bilen aýratyn tapawutlanýar. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, watanymyzyň dürli pasyllardaky gözelligi ýaş suratkeşiň dünýäsinden syzylyp çeper mazmuna ýugrulyp beýan edilýär.

Ýaş suratkeşleriň hem geljegini sungata baglan ýaşlaryň döreden sungat eserlerini synlap, olara tälim berýän halypalara hormatyň artýar. Halypanyň beýik ynamyndan şuglalanýan ýaş dörediji kalplar bolsa täze-täze eserleri döretmäge atygsaýandygyny sungat eserlerini synlanyňda göz ýetirýärsiň.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli bu sergi nakgaş, gobelen, heýkel, grafika, keramika, zergärçilik ýaly şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerine degişli Watanymyzyň ösüşli sepgitlerini sungatyň dilinde beýan edýän ajaýyp sungat eserleri giň halk köpçüligine ýetirildi. Sergide suratkeşleriň 140-den gowrak nakgaş, amaly-haşan sungatynyň eserleri görkezilýär.


Sergi öz işini 10 gün dowam eder