logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Ylham» seýilgähinde «Garaşsyzlyk –döwletliligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýändigi, mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdymyzda köp sanly obadyr şäherçeler döredilendigi, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr-desgalaryň ençemesi işe girizilendigi, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi şeýle hem ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhyna şan-şöhratly sene hökmünde altyn harplar bilen ýazylandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.