Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk–gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöýerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň beren mümkinçilikleri halkymyzy taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady hem medeni wakalara beslenýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.