logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–GÖZLERIMIZIŇ GUWANJY, ŞONUŇ BILEN BERKDIR WATAN DAÝANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 82-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk – gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir bu bolsa, biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdygy hem-de şan-şöhratymyzdygy barada gürrüň berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatymyzy gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belläp geçdiler. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyz şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, öňde goýlan belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň, halkymyzyň ruhy galkynyşynyň hem baýramydyr diýip bellediler.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.