logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–GUWANJYM, DAL BEDEWIM-BUÝSANJYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–guwanjym, dal bedewim-buýsanjym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň belleniljek ýyly bilen utgaşykly gelendigini, munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç–kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň bu gün Türkmenistanyň döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz toparynyň ýerne ýetirmeginde Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar ýaňlandy bu bolsa, çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.