logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag teleýaýlym şeýle–de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk–halkymyzyň milli buýsanjy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň depginli ösüşlere beslenmegi baradaky päk arzuwlar bilen başlady şeýle-hem her ýyla mynasyp at bermek döwletimizde ajaýyp däbe öwrülýändigi, onuň ajaýyplygynyň ilkinji sebäbi: her ýyl şol at bilen hakydamyza siňýär, taryhda şol at bilen galýar, şol at hemişe ruhlandyryp durýar, halkymyz ähli güýjüni, başarnygyny hem serişde mümkinçiligini ýylyň adynda jemlenen esasy maksada gönükdirilýänligi dogrusynda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň adynyň at bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde çuňňur many bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.