logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–HALKYMYZYŇ SENASY, MIZEMEZDIR BEÝIK TÜRKMEN BINASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk– halkymyzyň senasy, mizemezdir beýik türkmen binasy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny uludan belleýän ýylymyzda şanly seneleriň, şatlykly wakalaryň şaýady bolýandygymyzyň, Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň uly mümkinçiliklere eýe bolýan, ösýän ýurt hökmünde halkara giňişlikde özüniň mynasyp ornuny tapýandygyny belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda diýarymyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.