logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–KÖŇÜLLERIŇ GUWANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Baýramhan» seýilgähinde «Garaşsyzlyk–köňülleriň guwanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan Watanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda şanly Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk toýuny baýram edip belleýändigini şeýle hem, seriňi buýsançdan doldurýan, kalbyňy mähir-muhabbete besleýän bu şanly senäniň her bir ynsan üçin mukaddesdigini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini giňden dabaralandyrmaga, täze zähmet ýeňişlerini beslemäge giň ýol açylandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde okalan goşgular çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Halkymyzyň asuda parahat ýaşamagy ugrunda birnäçe aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.