logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK–WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Pederlerimiziň parahat söýüjülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň binýatlyk esasyna öwrülmek bilen, bu gün parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyz dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Täze taryhy döwrümizde döretmäge, gurmaga, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz watanymyzda ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler, hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýa-synyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnama-gynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli muzeý hünärmenleri tarapyndan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ,,Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty” atly gurnalan wagtlaýyn serginiň açylyşygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Ogulgerek AGAJANOWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.