logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk–Watanymyzyň şöhraty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty ” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly ösmegine, ýurdumyzy hemme taraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir ildeşimiziň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.