logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAÝRATLY OGULLAR WATANYŇ DAÝANJYDYR!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr!» atly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler türkmen halky merdi merdanalyga, watansöýüjilige, adalatlylyga gadyr goýup gelen halk. Ata-babalarymyz bu asylly häsiýetleri özleriniň gahrymançylykly ömür ýollary,ýagşy göreldesi,paýhasly sözleri bilen nesilleriň aňyna guýmagy başarypdyrlar. Hut şonuň üçin-de,türkmen halky,geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagytda hem edermen, gaýduwsyz halk hasaplanýar diýip nygtadylar.

Dabaranyň ahyrynda Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.