logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gazagystanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Häzirki wagtda türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşuçylykda ýaşap, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny nesillerden nesillere geçirip geldiler.
Türkmen we gazak halklaryny asyrlaryň dowamynda birleşdirip gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda, umumy ruhy gymmatlyklarda, baý medeni mirasda we birek-birege goýulýan hormatda öz mynasyp beýanyny tapýar. Şol dostlugyň kökleri halklaryň taryhyna, edebiýatyna, saz sungatyna we milli däplerine uzaýar. Häzirki wagtda bu gadymy ruhy ýakynlyk medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda, iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň medeniýetine has ýakyndan aralaşmagynda aýdyň görünýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Gazagystanyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti hem munuň aýdyň mysalydyr.

Baýramçylyk konsertiniň Gazagystanyň milli baýramy – Gazagystan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçirilmegi oňa aýratyn many çaýdy. Doganlyk halkyň sungat wekilleriniň türkmen topragynda çykyş etmegi, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň medeni ugurda barha pugtalandyrylýandygynyň güwäsidir.
Konsertde Gazagystanyň Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň döredijilik toparlary çykyş etdiler. «Dauys» wokal toparynyň gazak halk aýdymlaryny joşgunly ýerine ýetirmegi, «Akku» tans toparynyň milli tans sungatyny ussatlyk bilen görkezmegi, gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşlary tomaşaçylara doganlyk halkyň sungat dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi. Konsertiň iň täsirli pursatlarynyň biri aýdymçy Oral-Kosaý Baýsengiriň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyrynyň pikirleriniň gazak sungatynyň üsti bilen ýaňlanmagy akyldaryň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetine düşünmäge ýardam etdi.
Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy Nurken Aşirow türkmen halkynyň «Bibijan» aýdymynyň esasynda döreden «Wariasiýa-fantaziýa» atly eserini hödürledi. Şeýle hem, türkmen nusgawy saz sungatynyň görnükli wekili Daňatar Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasynyň uwertýurasy ýerine ýetirildi. Gazak sazandalarynyň türkmen halk aýdymynyň äheňlerine ýüzlenmegi we milli opera sungatymyzyň nusgawy eserini ýerine ýetirmegi medeni hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn häsiýetini alamatlandyrdy.