logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAZAK HALKYNYŇ GÖRNÜKLI ŞAHYRY ABAÝ KUNANBAÝEWIŇ DOGLAN GÜNINIŇ 180 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP «ADAM BIR ÇEMENDIR» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda, gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň doglan güniniň 180 ýyllygyna bagyşlap A.Kunanbaýewiň heýkeli bina edilen «Laçyn» seýilgähinde «Türkmenistan» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Adam bir çemendir» atly gepleşik geçirdi.

Gazak halkynyň beýik şahyry we akyldar Abaý Kunanbaýewiň heýkeliň oturdylmagy iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyga we iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylyşyga, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany bolup türkmen gazak dost-doganlygynyň güwsini aňladýar. Çünki doganlyk gazak halkynyň beýik ogly we akyldar gazak şahyry Abaý Kunanbaýew hem Gazagystanda ýazuwly edebiýatynyň esaslandyryjysy bolmak bilen milli medeniýetiň, sungatyň ösmeginde uly işler bitirdi. Ol, gazak edebiýatynyň gündogaryň nusgawy edebiýatynda mynasyp orun almagynda uly goşant goşdy. Beýik şahyryň, akyldaryň filosofyň we alymyň döreden eserleri, ajaýyp sazlary häzirki nesiller üçin buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Kitaphana hünärmenleri şular dogrusynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar doganlykly halklarymyzyň söz sungatynyň döredijilik ýoluny öwrenmeklikde ägirt uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan edildi.