logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAZALLAR

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamym bilse gerek,

Ýüz görüp derdi-gamym alajyn kylsa gerek.

Eý, saba, jan-u-köňlüňi özüň üçin ýaratdy,

Köňli bile diýer sen: jan üçin gelse gerek.


Bir peri men telbäni husnuna maýyl edendir,

Gözümde keşbi galyp, köňlümde menzil edendir,

Köňlümize jebri çäksiz kyldy ol nämähriban,

Janyma ýüz müň gamy-külpeti hasyl edendir.


Kim bolar sen kibi älemde dildary onuň,

Nirede azm eýlese bolar Hudaý ýary onuň.

Köýüňde men azm eder men–galkynan dek hatyrym,

Hatyrymy saklasa, Taňry howandary onuň.


Telbe köňlüm seniň janyňdadyr, ýat eýlegil,

Ezizläp, mähremlik bilen köňlümi şat eýlegil.

Yşrat içre hergiz genji-kän bolsaň iliňe,

Pyrkatyňda galan egri kamatym ýat eýlegil.


Ne pikirdir, pikriň däldir – ol pikir bolar batyl,

Ne ömürdir, öter sensiz – ol ömür bor bihasyl.

Alla hergiz gyýa garamasyn, her haçan görsem,

Kä köňlüm howsalada, kä aklymdan jyda men.


Haýsy azaryn aýdaýyn janyma bigänäniň,

Haýsy bir ynjydanny göwnümi ol dildaryň?

Haýsy bir ýowuzlygny täleý ýalňyşlygynyň,

Haýsy bir egriligni çarhyň aldaw-torunyň?


Alyşer Nowaýy

(Terjime eden: A.Rejepow)