logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GELIŇ AÝDYM AÝDALYŇ!

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wokal ansambllarynyň arasynda “Geliň aýdym aýdalyň!” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary emin agza bolup, talyplara adalatly bahalandyrdylar. Talyplar bäsleşigiň şertine görä ilki bilen dürli saz gurallaryň sazandarlyk etmeginde aýdym ýerine ýetirmek we bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçen wokal ansambllary bolsa a’capella aýdymyny aýtmaly. Wokal ansambllary diňe türkmen kompozitorlarynyň hem-de estrada sungatynyň halypalarynyň aýdymlaryny däl, eýsem, daşary ýurt aýdymlaryny-da ýerine ýetirdiler.

Toplan ballaryň jemi esasynda tapawutlanan toparlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary: H.Kakaýewa bilen K.Annaýew, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary: A.Abdullaýewa bilen Y.Welhanow, hem-de şol okuw jaýyndan M.Muhammedow bilen A.Abdullaýewa. Olardan daşary hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplar topary aýratyn tapawutlandylar.

Bäsleşigiň jeminde ýeňiji bolan wokal ansambllaryna diplom we sowgatlar gowşuryldy. Talyplar öz ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan edip, bäsleşigi tamamladylar. Şeýle bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly itergi bolup durýar.


Aýgün WELIÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby