logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Geliň, dessan aýdalyň!

Milli aýdym-saz mirasymyzy dikeltmek, ylmy taýdan öwrenmek we geljekki nesillere arassa görnüşinde ýetirmek häzirki zaman sungat ylmynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Kerwen Ýowbasarowyň guramagynda geçirilen “Geliň, dessan aýdalyň!” atly tükelleme konserti uly ylmy-çeper ähmiýete eýe boldy.
Konsertiň esasy mazmunyny “Görogly” şadessanynyň “Göroglynyň öýlenişi” şahasy eýeledi. “Göroglynyň öýlenişi” şahasy şadessanyň şadyýan, dabaraly we çeperçilik taýdan baý parçalarynyň biridir. Dessançy bagşy bu şahada Görogly begiň, Agaýunusyň arasyndaky şahyrana dialoglary, gahrymançylykly we söýgi ruhundaky aýdymlary, Jygaly babanyň ak pata berýän parçalaryny özboluşly bagşyçylyk sungatynda diňleýjilere ýetirdi.
Ussat bagşy bu meşhur şahanyň mazmunyny taryhy we çeperçilik taýdan täsirli beýan edip, şadessan boýunça ýerine ýetirilen halk aýdymdyr şahyrana bentler konsertiň dowamynda belent owaz bilen doly ýerine ýetirildi. K.Ýowbasarowyň owazly sesi dutaryň hem-de gyjagyň jadyly owazy bilen utgaşyp, diňleýjileri Görogly begiň mertlik, parahatçylykly, dabaraly dünýäsine aralaşdyrdy.
Konserte gatnaşan mugallymlar, talyp ýaşlar we sungat söýüjiler dessançy bagşy K.Ýowbasarowyň bu çykyşyna ýokary baha berdiler. Halypa mugallymlar ussat bagşynyň dessan sungatyny diňe bir ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem onuň taryhy-sazlaşykly gurluşyny saklap galmakda hem-de ýaş nesle ýetirmekde yhlasly zähmet çekýändigini aýratyn bellediler. Dessanyň her bir parçasy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.
K.Ýowbasarowyň bagşyçylyk ussatlygyny utgaşdyryp, “Göroglynyň öýlenişi” şahasyny tükelleme görnüşde köpçülige ýetirmegi, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan dessan dessurynyň häzirki wagtda hem belentde tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli mirasymyzy içgin öwrenmäge, geljekki nesillere arassa görnüşinde ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.

Aýjemal Hojaýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji mugallymy.