logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GELIŇ ERTEKI OKALYŇ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 156-njy çagalar bagynda «Geliň erteki okalyň» ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

Çärede türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileri nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy barada belläp, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly sypatlaryň ýüzlerçesi eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerindäki dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmene mahsus asylly sypatlary, ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdylar.