logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GELIŇ, KITABY SÖÝELIŇ !

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Geliň, kitaby söýeliň” atly mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaş nesiller ähli taraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Çagalarda köp kitap okamaga bolan söýgini döretmek, kitap okamagy endik etmegi öwretmek bolup durýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy bu barada “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär. Çagalara pähim-parasatly nakyllaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň, manysyny öwretmek, ýat tutdurmak, çuňňur düşündirmek, öwrenmäge endik etdirmek çagalaryň kitaba bolan höwesini hasda artdyrýar.

Berkarar Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesiller hakda bimöçber aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.