logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GELIŇ ERTEKI DIŇLÄLIŇ!

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde hasapda duran mümkinçiligi çäkli bolan körpejeleriň arasynda “Geliň erteki diňläliň” atly göçme kitaphana hyzmatyny gurnady. Kitaphanamyzyň baý hazynasyndan çagalaryň söýgüli ertekili kitaplaryndan hem-de hemişelik okyjylarymyzyň öz elleri bilen ýasan erteki gahrymanlaryny suratlandyrýan gurjaklaryndan ybarat bolan göçme sergimiz çagalarda uly gyzyklanma döretdi.

Kitaphana hünärmeni körpejeleriň haýyşy boýunça birnäçe ertekileri labyzly okap berdi. Hem-de özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap bermek bilen çagalarda kitap okamaklygyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar. Döwletimizde kitap we kitaphana işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işer durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli maksatnamalardan ugur alyp bu günki geçiren çärämiz hem çagalara, ýaşlara, maýyplygy bolan adamlara edilýän kitaphana hyzmatyny ösdürmeklik maksady bilen geçirildi. Kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň üstüni ýetiren körpeje okyjylarymyzyň, söýýän kitaplaryna bolan islegleri öwrenilip, kitaphana düzgüni esasynda 10 gün möhlet bilen okamaklyga berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň kitap okamaklyga bolan isleglerini kanagatlandyryp döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar.