“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri çagalara okaýşa bolan höwesini we islegini artdyrmak maksady bilen Türkmenabat şäherindäki 42-nji çagalar bakja-bagynda “Geliň kitap okalyň” atly gürrüň geçirdiler. Çagalara gyzykly ertekiler okap berlip, bäsleşikler gurnaldy. Körpeler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesil hakda uly aladalar edip,çagalaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmäge ýurdumyzda döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlaryny aýtdylar.