logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GELIŇ TAPMAÇA ÇÖZELIŇ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we TW4 Türkmenistan teleýaýlymynyň gatnaşmagynda, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Geliň tapmaça çözeliň» atly oýun bäsleşigi geçirdi.

Bäsleşigiň dowamynda suratlardaky erteki gahrymanlaryny tanamak boýunça gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle-de ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk-häsiýetli gahrymanlar arkaly çagajyklara durmuşda gowy adam bolmagy, birek-birege kömek etmegi ündediler.

Bäsleşigiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.