Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 179-njy çagalar bagynda “Geljek siziň bilen-bagtly çagalar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem körpe nesilleriň terbiýesinde ertekileriň, tapmaçalaryň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalar köp kitap okamak bilen gözýetimleriniň, dünýä garaýyşlarynyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap alyşdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.