logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GELSE NOWRUZ ÄLEME

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen güneşli Watanymyzda toýlar toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkymyzyň asyrlar boýy däp bolup gelýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramynyň esasy ýörelgesi hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli, parahatçylykly we birek-birege ynamly gatnaşyklary kemala getirmekden ybaratdyr. Halkara Nowruz güni Gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde türkmen iliniň hem uludan belleýän baýramçylyklarynyň biridir.

Ýurdymyzyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli Nowruz ýaýlasynda dürli aýdym-sazly dabaralar, folklory çykyşlar we milli oýunlar uly ruhubelentlik bilen ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli «Gelse Nowruz äleme» atly sergi guraldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan nusgalyk, gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen meşhur medeni gymmatlyklarymyz görkezildi. Ondan başga ussat suratkeşleriň türkmen tebigatynyň bahar paslyny wasp edýän surat eserleri, hünärmençiligiň ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen zergärçilik önümleri bolan bezeg şaýlary, nagyşlaryny tebigat gözelliklerinden alan keşdeler bilen bezelen milli egin-eşikleriň asyl nusgalary serginiň görnükli ýerinde orun aldy. Halk senetçiliginden türkmeniň milli saz gurallary bolan dutary we gyjagy, durmuş, öý hojalyk esbaplarynyň taryhy görnüşlerini synlamak bolsa sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen sährasynyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, gül-gülälekli meýdanyny, haýwanat dünýäsini janlandyrýan şekilli halylar sergide özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Serginiň dowamynda haly we haly önümleri bilen bezelen tärimiň öňünde milli lybasly maneken gelniň el degirmeninde un üweýän pursatlarynyň hem-de Nowruz baýramynyň buşlukçysy bolan bugdaý maýsalarynyň, milli tagamlar pişmedir semeniniň goýulmagy baýramçylyk däpleriniň öwüşginini has-da artdyrdy.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Sergide Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Tirkiş Mätnazarow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Esger gazetiniň uly habarçysy Aýgül Garaýewa, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ogulnur Saparowa çykyş etdiler.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli söhbetler edildi. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gelse Nowruz äleme» atly sergä aýlanyp gördüler.